Pandemiýadan soň açylan ýollar ýurda 100 000 töweregi adamyň hemişelik gaýdyp gelmegine sebäp boldy. Bularyň köp bölegi isleg daşy deport bolýarka, galan bölegi maşgala içi meseleleri, saglyk ýagdaýlary we daşary ýurtda ýaşamakdan bizar bolanlardan (öz islegi bilen ýurda dolananlar) ybarat. Ýurda dolanyp baranlaryň agramly bölegini Türkiýe’den gaýdyp gelenler emele getirýär.
Ýurt daşyndan dolanyp gelýän ilatyň sanynyň köpelmegi Türkmenistan’daky hukuk-daşy gurluşlary we ynsanlary soň dereje howatyrlandyrýar. Ilatyň üýşmeleňlerden uzak durmagy üçin işjeň çäre alynyp barylýar. Ýurt daşyndan gelenleriň gozgalaňa galyp biljekdigi gorkusy Türkmenistan’y gurşap aldy.
Ýurt daşyndan gelenler bilen, esasan hem deprot bolup gelenler, ýörite işjeň çäre geçirýärler. 6-7 sagat boýunça olar bilen ýörite sorag sessiýasyny geçirip, gorky we basyş syýasatynyň dowam edýändigini, daşary ýurtda gören zatlarynyň Türkmenistan’da ýöremejekdigini gelen adamlara siňdirjek bolýarlar.