Owganystan’yň Farýap welaýatynyň Bäşler obasynda ýaşaýan Şükür we Penji doganlar (halk arasynda reis ýa-da başlyk ady bilen bilinýärler) Türkmenistan’a iň köp neşe serişdelerini daşaýanlaryň arasynda ýer alýar. Aňtaw bilgilerimiz boýunça, ýük daşaýan ulaglaryň üstüni agyr mata bilen ýapylyp, hiç hili päsgelçiliksiz aýda tonnalarça neşe serişdesiniň dürli görnüşleri Türkmenistan’a daşalýar.
Türkmenistan’yň Ymamnazar gümrügi hem bu neşe serişdelerini doly we gözegçiliksiz, emma habarly ýagdaýda ýurduň içine kabul edýär. Bu neşe serişdeleri Türkmenistan’yň üsti bilen Türkiýe we Russiýa ýaly ýurtlara äkidilýär. Taliban Owganystan’y ele geçirenden bäri neşe söwdasy 10 essä çenli köpeldi. Diňe soňky 6 aýda 5 esse köpelip, Türkmenistan taryhynyň iň köp neşe söwdasy edilen zolagyna öwrüldi.