Berdimuhamedowlar maşgalasy ortaça 8 ýyldan bäri, Turkmen Petroleum Products DMCC we ýapyk paýdarlar jemgyýeti NaPeCo (öňki NAPECCO) atly emeli kompaniýalar arkaly Türkmenistan’yň tebigy baýlyklaryndan we beýleki mümkinçiliklerinden Berdimuhamedowlar maşgalasyna çykarlan paý hökmünde Russiýa tarapyndan berlen rugsat arkaly ýurt daşyna çykarýandyklary anyklandy.
Esasan hem soňky 3 ýylda has-da işjeňleşen bu emeli kompaniýalar, Berdimuhamedowlaryň hukuk-daşy ýurt daşyna baýlyk transfer işlerinde tizleşendikleri görünýär. Bu emeli kompaniýalar arkaly hukuk-daşy baýlyklardan elde edilen girdejiler kompaniýalaryň Dubaý’daky hasaplarynda saklanylýar. Berdimuhamedowlar ýurtdan doly gaçyp çykanlaryndan soň ady geçen kompaniýalar likwidasiýa edilip offshore bolan pullar şahsy görnüşde Berdimuhamedowlaryň jübilerine geçmekçi. Şol sebäpli, Turkmen Petroleum Products DMCC emeli kompaniýasy göniden-göni Gurbanguly Berdimuhamedow’yň adynda durýar. Ýapyk paýdarlar jemgyýeti NaPeCo bolsa, adyndan hem belli boluşy ýaly ýapyk bolandygy üçin jemgyýetiň agzalary gizlin tutulýar. Emma kompaniýanyň hereketleri we elde edilen ýapyk maglumatlar boýunça, onuň hem Berdimuhamedowlar maşgalasyna degişlidigi mälim edildi.
Beridumuhamedowlaryň bu emeli kompaniýalary, Türkmenistan’da nebit-gaz gazuw we çykaryş işlerinden başlap, bu iki pudakdan elde edilýän önümlerden, ýurtda öndürülýän alkogolly içgilere çenli paý alýandyklary hem orta çykaryldy. Emma Berdimuahmedow’yň bu gazançlary beýleki uly kompaniýalaryň (Dragon Oil, Tatneft, Petronas…) ýanynda kiçi göwrümde bolup galýar. Munuň sebäbi, Türkmenistan’daky ähli resurslaryň asyl eýesi Russiýa bolup durýar we Dragon Oil, Tatneft, Petronas ýaly uly kompaniýalara Türkmenistan’da bikanun eýelän resusrslary çykarýar. Has takygy, Russiýa Türkmenistan’yň resurslaryny, Garaşsyzlygy we halkynyň özygtyýarly bolmagyny öz elinde tutýar. Munuň garşylygynda bolsa, Russiýa Türkmenistan’da eýeçilik edýän Türkmen baýlyklaryndan Berdimuhamedowlar maşgalasyna ýurdy talamaga ýardam berýändikleri üçin hak çykarýar. Başga diýiş bilen aýdylanda, Berdimuhamedowlaryň Türkmenistan’a edýän dönüklikleri Russiýa tarapyndan sylaglandyrylýar.