Täze Ýyl gutlamalary gijesi daşary ýurtlardan dolanyp gelen ýüz müň töweregi ilatyň gozgalaň çykaryp biljegi gorkusy bilen ýurduň ähli burçuny polisiýa işgärleri bilen doldurmakçy bolýarlar. Maksatlary bolsa, halkyň gözüne köp san bolup görnüp olara gorky salmak, öz-özünden çykyp biljek gozgalaňlaryň öňüni psihologiki taýdan almak.
Şol bir wagtyň özünde, “halk bilen çekeleşige girmli däl” diýlip, polisiýa işgärlerine tabşyryk hem berilýär. Halky çetleşdirmek üçin ýurduň köp ýerlerinde “Täze Ýyly daşarda gutlamak bolanok” diýlen işjeň çäräni 1 aý boýunça geçirdiler.
GTT soňky wagtlarda her näçe bildirmejek bolsa-da, hakykatda halkyň hereketlenmesinden soň dereje howatyrlanýar. Dürli işjeň çäreler arkaly halkyň hereketlenmeginiň öňüni almaga synanşýar. Täze Ýyl gutlamalaryna çäklendirmeleriň girizilmesi hem şol işjeň çärelerden biri.