Elde edilen köp sanly maglumatyň aňtaw seljerşinden geçmegi netijesinde, maliýe ýagdaýy ýeterlik bolan Aşgabat’ly “Hukuk Goraýjy işgärleriň” Russiýa Federasiýa’syndan emläk alyşlary soňky 2 ýylda 2 esseden gowrak artandygy göze ildi.
Ýene-de şu meselä degişli aňtaw seljerşde, Türkmenistan’da režim çalşygy bolan halatynda daşary ýurtlara göçüp gitmek üçin depginli taýynlyk görýän “Hukuk Goraýjy işgärleriň” sany, daşary ýurtdan emläk almaga güýçleri ýetmese-de epeseli köp. Daşary ýurtdan emläk almaga güýji ýetmeýän “Hukuk Goraýjy işgärleriň” agramly bölegi welaýatlaryň işgärleri.
Soňky wagtlar “Hukuk Goraýjy işgärler” öz aralarynda Putin’iň Ukraina urşuny ýygy-ýygydan ara alyp öz derejelerinde derňeýärler. Olaryň pikir edişi boýunça, Putin’iň urşda ýeňilmegi Türkmenistan’da režimiň kesgitli üýtgejekdigi aňlamyna gelýär.
Içlerinde ýene bir topar, Türkmenistan’da režimiň hiç haçan üýtgemejekdigini ynandyrmak üçin ýörite sözli çäreler geçýär. Bu çäräniň maksady “Hukuk Goraýjy işgärleriň” arasynda howsala döremezligini üpjün etmek bolup durýar. Muňa garamazdan, köp sanda “Hukuk Goraýjy işgärler” gizlinlikde daşary ýurtdan emläk almaga dowam edýärler we gerekli bolanda gyssagly ýurtdan çykmaga taýynlyk görýärler.