FSB’niň (Öňki Rus KGB’si) Türkmenistan’y Din Bilen Dolandyrmak Synanşygy

Soňky 4 ýyldan gowrak wagtda, Türkmenistan’da din meselesine garaýyş düýpgöter üýtgedi. Öňler din bilen sähelçe gatnaşygy bolan adamlar yzarlanýardy, tussag edilýärdi ýa-da tussaghanalarda urlup ýenjilýärdi. Indi bolsa, öň Türkmenistan’da beýle ýagdaý hiç haçan bolmadyk ýaly howa öwüsýär. Bu barada, (din duşmançylygyndan, dinçilige nädip gelinendigi barada) köpçiligiň bilmegi gerekli hadysalar bar.

1. Ilki bada IMO messenger arkaly MHM’niň hakyna tutmalarynyň kömegi bilen, köp sanda din propagandasyny içine alýan suratly we wideo görnüşli “story” paýlaşyldy, hat-da şu wagt hem bu işjeň çäre dowam edýär.
2. Köp ýyllardan bäri gurulup gutarmadyk metjitleriň gurluşyklary tizleşdirildi. Muňa goşmaça, täze metjitleriň hem gysga wagtda gurulmagyny üpjün etdiler.
3. Molla-imamlara sessiz ýagdaýda medrese açmaga rugsat berlip, köp sanda Mary we Ahal welaýatlaryndaky orta mekdepden okuwçylary özlerine ýanaşdyryp başladylar.
4. Berdimuhamedowlar maşgalasy, olara degişli taýpa we toparlar, hat-da tanymal aýdymçylar we blogerler Käbe’de düşen suratlary we wideolary arkaly din propaganda işlerini ýaýbaňlaşdyrdylar.
5. MHM işgärleri swil (graždan) eşikde okuw jaýlaryna gidip, din propagandalaryny (okuwçylary namaza çagyrmak ýaly ýollary ulanyp) jemgyýetde ýaýratmaga başladylar.

Ýokarda geçen maddalaryň ähilisi KGB’niň (FSB) şahamçalary bolan MHM we beýleki degişli organlar arkaly kasytly ýagdaýda ýöredilýär. Din propagandasynyň ýöredilmegi we jemgyýeti dinleşdirmek synanşygy Türkmenistan’daky soňky 4 ýyllyk oýanyşyň öňüni almakdan ybarat bolandygyny guramamyzyň elde eden maglumatlary we olaryň seljerşinden çykan netijelerden soň kesgitlemek bolýar. Bu zatlaryň hemmesi Russiýa’da meýilleşdirlip, Türkmenistan we Orta Aziýa ýurtlaryna ornaşdyrylýar.

Ýakyn wagtda Türkmenistan’yň orta mekdeplerine din sapagynyň girizilmgi taýýarlygy we din kitaplarynyň taýýarlanşygynyň dowam edýändigi bize çeşmelerimiz tarapyndan beýan edildi. Bu wakalaryň özi hem Türkmenistan’da ýöriteleşdirilen syýasy diniň halka siňdiriljek bolunýandygyny görkezýär. Öň Ruhnama kitaby bilen jemgyýeti zaýalamaga synaşdylar we billi bir derejede muny başardylar. Ýöne bu synanşygyň täsiri ýeterli bolmandygy 2019’njy ýyldaky halkyň oýanşyny görenlerinde olara mälim boldy. Muňa tiz çäre tapmaklary gereklidi we jemgyýetiň ünsini dine tarap sowmak bilen, wagtlaýynça bolsa-da, çözüp biljekdiklerine ynanýarlar. Bu, şol bir wagtyň özünde, KGB üçin hem howply. Munuň sebäbi bolsa, öňki dini gadagan edýän syýasatlaryny taşlap, duýdansyz dini ýaýradýan syýasata geçmekleri Türkmen halkynyň howpsuzlygy bilen gyzyklanýan guramalarda we gatlaklarda şübhe oýandyryp biler.

Bu habary paýlaş:
Scroll to Top