Türkmenistan’da hukuk goraýjy ady bilen ýöredilýän sözde edaralaryň ählisi Rus imperializminiň bähbitlerini, gyzyklanmalaryny we imperiýanyň strategiýalaryny berjaý etmek bilen meşgullanýarlar. MHM, Kazyýet, Prokuratura, Polisiýa we beýleki degişli sözde edaralar bilelikde Türkmen halkynyň garşysyna dildüwşikli hereket edýändigi köp taraplaýyn we anyk subutnamalar bilen tassyk edildi. Türkmen halkyny gorkuzmak, talamak, jemgyýetiň birligini bozmak, halka garşy terrorçylygyň dürli görnüşlerini ulanmak, töhmet, şantaž we haýbat atmak ýaly çäreleri Rus imperiýasynyň bähbidine gyşarnyksyz ýerine ýetirýärler.
Şol sebäpler boýunça, Türkmenistan’daky hukuk goraýjy ady bilen ýöredilýän sözde edaralar Türkmenistan üçin soň dereje howply kabul edilmeli. Bu sözde edaralaryň Türkmenistan’a dönüklik we halka garşy duşmançylyk edýändigi netijesi hem çykarylmaly.